ýassyk

ýassyk
Ýatylanda kelläň aşagyna goýmak, ýassanmak üçin ulanylýan dört burç, içi per ýa-da pagta bilen doldurylan ýumşak öý goşy.
∙ Jigim kellesini ýassyga goýan badyna uka gitdi. («Pioner» žurnaly)
∙ Men olardaky ýelek ýassyklary görüp, örän geň galdym. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem ýassyk - ýassygy.
başyň ýassyga ýetmekseret baş 1
∙ Garry başy ýassyga ýetende, ogluna wesýet etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
boýny çapgy ýassygy ýaly bolmakseret boýun
∙ Meniň naharymy iýip, boýnuň çapgyýassygy ýaly, garnyň tulum ýaly boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
ölüm ýassygynda ýatmakseret ölüm 1
∙ Gaýly gündegar içinden tapanmyş, Ölüm ýassygynda ýatan Mämmedi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
ýanyň ýassyga berilmekseret başyň ýassyga ýetmek
∙ Gyşyň ahyrynda, urşuň öň ýany, Berildi birdenkä ýassyga ýany. (A. Kekilow, Söýgi)
ýassyk agajyÜstünde et we ş. m. zatlar çapmak üçin ýörite kesilen ýogyn agaç bölegi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Полезное



Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»